Türkmen häkimiýetleriniň goňşy Eýranda dörän çylşyrymly ýagdaýlaryň arasynda yslam respublikasyndan gyssagly çykmaly bolan daşary ýurtlular üçin şeýle pursatlarda berilmeli ynsanperwerlik kömeklerini bermegi, öz gören çäreleri barada beýanat çap etmegi, şol bir wagtda-da bu wakalar bilen baglylykda kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylar barada hiç zat aýtmazlygy türkmen jemgyýetçiliginde öňden bar bolan soraglary ýene gün tertibine getirdi.
Ýerli synçy bu habarlary yzarlaýan türkmenistanlylaryň Aşgabadyň öz raýatlarynyň goňşy ýurtlar we dünýä bilen gatnaşyklaryny berk çäklendirmeginden, şeýle-de, daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pasport, maliýe kynçylyklary barada çykýan habarlara baş galdyrmazlygyndan nägile bolýandygyny habar berýär.
Synçy bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatlylar Eýrandan çykmaly bolan daşary ýurtlulara ynsanperwerlik kömeginiň berilmeginiň ‘gowy zatdygyny’ aýdyp, Türkmenistanyň raýatlarynyň hem hereket azatlygynyň üpjün edilmelidigini, bu ugurda edilýän işler barada ilata wagtly-wagtynda maglumat berilmelidigini ýatlatdylar.
Ýurt ilatynyň hereket azatlygy hukuklary 'gödek bozulýar'
"Daşary ýurtly raýatlar kynçylyklara, wiza bökdençliklerine garamazdan, ýurt içine goýberilýär. Ýöne türkmen häkimiýetleri Eýranda galan türkmen raýatlaryna edilýän kömekler barada resmi bildirişi çap etmedi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň içindäki ýurt ýaşaýjylarynyň hereket azatlygy hem häli-şindi gödek bozulyp gelinýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, jokrama yssyda, +50 gradusa ýetýän howada goňşy Gazagystana, Özbegistana gitmek üçin serhet geçelgelerinden geçmekçi bolýan raýatlar berk wiza düzgünleriniň üstesine, agyr we kemsidiji nobatlaryň, gödek çemeleşmeleriň ejirini çekmeli bolýarlar.
Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar, şol sanda aşgabatlylar “ýurduň ýapyklykdan çykyp, goňşy döwletler bilen arada göni ýolagçy awtobuslarynyň, otly we uçar gatnawlarynyň haýal etmän ýola goýulmalydygyny” öňden bäri aýdyp gelýärler.
Synçy bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylar hereket azalygynyň ýurt içinde hem berk çäklendirilýändigini, Esenguly, Etrek, Magtymguly etraplarynyň ýaşaýjylarynyň Aşgabatdan we beýleki welaýatlardan üzňe galýandygyny aýdyp, öz nägileliklerini bildirdiler.
Olaryň aýtmaklaryna görä, "Etrek-Bereket" otly gatnawynyň ýola goýuljakdygy baradaky gürrüňleriň soňy gelmedi.
Serhetýaka etraplaryň ýaşaýjylary 'doly üzňelikde galýar'
Etrekli söhbetdeşlerimiz serhet ýakasynda ýerleşýän Esenguly, Etrek etraplarynyň ýaşaýjylarynyň “maglumat, azyk we suw üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk elýeterliliginiň gaty gözgyny bolmagynda galýandygyny” aýtdylar.
Ýurt içindäki ulag, gatnaw üzňeligi Eýran bilen serhetleşýän Ahal sebitiniň Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary üçin uzak wagt bäri ‘agyr mesele bolmagynda galýar’.
Aýdylmagyna görä, sarahslylar soňky döwürde ýerli häkimiýetlere yzygiderli ýüz tutup, etraby paýtagt Aşgabat bilen baglaýan göni ýolagçy otlusynyň haýdan-haý ýola goýulmagyny talap edýärler.
"Ilat arasynda uly dowul, galagopluk emele geldi. Eger Sarahsa urşuň ýalny gelse, biziň gaçara ne ulagymyz, ne serişdämiz bar. Sarahs stansiýasyndan indi 15 ýyl bäri ýekeje-de ýolagçy otlusy ugranok. Biz doly üzňelikde” diýip, ýerli synçy bilen söhbetdeş bolan sarahsly aýtdy.
Azatlyk Eýranda dörän ýagdaý bilen baglylykda goňşy ýurtdan gelýän harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň azalmagynyň türkmen bazarlaryna ýetiren täsiri barada eýýäm habar berdi. Emma türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş bermeýär.
Özbegistan, Gazagystan bilen aradaky gatnawy 'açmaly'
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen telekeçileriň pikirine görä, Eýran bilen aradaky serhediň ýapylmagynyň fonunda, goňşy Özbegistan we Gazagystan bilen serhet ýakasyndaky wizasyz gatnaw düzgüni gaýtadan dikeldilse, serhetler açylsa, ýurt içindäki azyk howpsuzlygyna diňe peýda getirer.
"Bazarlarda Eýrandan getirilýän hojalyk önümleriniň, himiki serişdeleriň, şeýle hem makaron, tomat, konserwa önümleriniň, gurluşyk harytlarynyň zapaslary gutaryp barýar. Häkimiýetler bu ýagdaýy görmezlige salýar... Türkmen režimi şeýle dartgynly we agyr pursatda hem özüniň durmuş reallygyndan doly üzňeligini görkezýär" diýip, maryly telekeçi öz pikirini aýtdy.
Ýerli synçynyň söhbetdeş bolan adamlary türkmen häkimiýetleriniň garaşylmaýan, mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli hereket etmek ukybyny hem sorag astyna alýarlar.
"Bizde häli-şindi Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy ýok, ýangyn söndüriji gulluklarynyň işi doly diýen ýaly çagşady. Iň agyr ýagdaý - birden ýurt içinden daşary ýurtlara gaçmak meselesi ýüze çyksa, türkmen serhetçileriniň türkmen raýatlaryny ýurtdan çykarjagyna hiç hili ynam ýok. Halk dolulygyna maglumat, sosial we harby üzňelikde galýar, hökümetden, ataly-ogul Berdimuhamedowlardan hiç hili resmi teswir ýok halk üçin" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Şu aralykda, 23-nji iýunda türkmen DIM-i Türkmenistanyň, ynsanperwer geçelgeleri arkaly, Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýändigini ýene bir gezek habar berdi.
Daşarda galan türkmen raýatlary barada näme üçin dymylýar?
Habarda aýdylmagyna görä, Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy.
“Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär” diýip, daşary syýsat edarasy, Türkmenistanyň ýardam bermeginde, 4000-e golaý adamyň Watanyna dolanyp gelendigini aýtdy, ýöne olaryň içinde türkmenistanlylaryň bolup-bolmandygyny anyklaşdyrmady.
Maglumat üçin aýylsa, “The Washington Post” gazetiniň 20-nji iýundaky habaryna görä, Türkmenistan Eýrandan çykmak isleýän 100-den gowrak amerikalynyň türkmen serhedinden geçmegi barada Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň eden haýyşyny kanagatlandyrmandyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum