Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ysraýyldan “nägiledigini” aýdyp, Eýrana zarba urmazlyga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda Ysraýyly Eýrana garşy täze hüjümleri amala aşyrmakdan saklanmaga çagyrdy we munuň “uly möçberli dartgynlylyga” sebäp boljakdygyny aýtdy.

“Ysraýyl, şol bombalary taşlamaň. Uçarmanlaryňyzy öýüňize gaýtaryň”, diýip Tramp ýazdy.

Tramp bu ýazgydan birnäçe minut öň, Waşingtondan Niderlandlardaky NATO-nyň sammitine gitmezinden öň žurnalistler bilen söhbetdeşlikde, 24-nji iýunda irden güýje giren ýaraşygyň düzgünlerini hem Ysraýylyň, hem-de Eýranyň bozandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, ol iki ýurduň hereketlerindenem “nägile”, emma aýratynlykda Ysraýylyň hereketlerinden örän närazy. Tramp ýaraşyk güýje giren ilkinji sagadyň dowamynda Ysraýylyň Eýrana garşy güýçli hüjümleri amala aşyrandygyny aýtdy.

“Men Ysraýylyň hiç kime zyýan ýetirmedik bir raketadan gaharlanýandygyny bilýärin” diýip, prezident belledi.

Trampyň sözlerine görä, Ysraýylyň “köşeşmegi” zerur. Şeýle-de prezident taraplaryň ýaraşygy bilkastlaýyn däl ýagdaýda bozan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Ol bu iki ýurduň uzak wagt bäri söweşýändigini, “näme edýändiklerine düşünmeýändiklerini” belledi.

Ysraýyly Eýrany bombalamazlyga çagyrandan takmynan ýarym sagat soň, Tramp, ähtimal NATO sammitine uçup barýan uçaryň bortundan, Truth Social ulgamynda Ysraýyl uçarlarynyň yzlaryna öwrüljekdigini, Ysraýylyň Eýrany bombalamaýandygyny we ýaraşygyň güýjünde galýandygyny ýazdy. Ysraýylyň çeşmeleri onuň bu ýazgydan öň ýurduň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefonda gepleşendigini habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde Ysraýylyň käbir mediasy ýurduň Eýrana garşy “simwoliki” hüjüm amala aşyrjakdygyny belledi.

24-nji iýunda irden Tramp Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda ok atyşyklaryň bes edilmeginiň güýje girendigini yglan etdi. Iki ýurt hem muny tassyk etdi. Biraz wagtdan soň Ysraýyl Eýranyň özüne garşy iki sany raketa atandygyny habar berdi. Ol raketalar asmanda ýok edildi. Ysraýylyň goranmak ministri we Baş ştabynyň ýolbaşçysy Eýrany ýaraşygy bozmakda aýyplap, Ysraýylyň Tähran şäherindäki nyşanlara garşy zarba urjakdygyny aýtdylar.

Eýran öz gezeginde raketalary uçurandygy baradaky habarlary ret etdi we Ysraýyly ýaraşygyň güýje girmeginden soň hem Eýrana garşy hüjümleri dowam etdirmekde aýyplady.

Soňky birnäçe sagadyň dowamynda taraplaryň hiç biri täze hüjümler barada habar bermedi.

Tramp ýaraşygyň güýje girendigini 24-nji iýuna geçilýän gije yglan edipdi. Ondan birnäçe sagat öň Eýran Katardaky ABŞ bazasyna raketa hüjümini amala aşyrdy, emma ol hüjümiň tesdirlendigi habar berildi. Tramp ýaraşyk yglan eden wagtyna çenli, bu barada Ysraýyl we Eýran tarapyndan hiç hili resmi maglumat ýokdy.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk 13-nji iýunda ýitileşdi. Şol gün Ysraýyl Eýranyň harby we ýadro desgalaryna garşy hüjümleri amala aşyrdy we Eýranyň harby ýolbaşçylary öldürildi. Ysraýyl bu operasiýanyň maksadynyň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almakdygyny aýtdy. Eýran öz gezeginde Ysraýyla raketalary atdy.

22-nji iýuna geçilen gijede ABŞ Eýranyň üç sany ýadro desgasy boýunça howa zarbalaryny amala aşyrdy. Waşington bu hüjümleriň bir gezeklik çäre bolandygyny we ABŞ-nyň giň möçberli urşa gatnaşmagy meýilleşdirmeýändigini belledi. Eýran munuň jogabyna Katardaky baza garşy zarba urdy we muny ar alyş hüjümi diýip atlandyrdy.

Tähranyň bu hüjümi barada öňünden duýdurandygy we hiç hili adam pidalarynyň bolmandygy baradaky maglumatlardan soň, Tramp Eýranyň “parahatçylyk we sazlaşyk ýoluna düşmäge” taýýardygyny aýtdy. Şondan soň, ol ýaraşygyň güýje girendigini yglan etdi.

24-nji iýun irden Tramp ýene-de Eýranyň ýadro desgalarynyň doly ýok edilendigini we indi olaryň dikeldilmeginiň mümkin däldigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG